“Magtymguly – adamzat kalbynyň şahyry”


“Magtymguly – adamzat kalbynyň şahyry”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Magtymguly – adamzat kalbynyň şahyry” ady bilen göçme sergi, wagyz-nesihat çäre geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň baý medeniýetini we sungatyny ösdürmekde ony baýlaşdyrmakda, şu günki we geljekki nesillere ýetirmekde uly işler amala aşyrylýandygyny, hormatly Prezidentimiziň uly aladalary netijesinde türkmen edebiýatynda belli şahsyýetlere bagyşlanyp halkara ylmy maslahatlaryň geçirilýändigini we türkmen halkynyň beýik söz ussady, Gündogar şygyrýetiniň göwher täjine deňelýän Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly şygyrlarynda ynsanyň ahli ýokary ahlak sypatlaryny ussatlyk bilen suratlandyrýandygyny, Akyldar şahyrymyzyň bize miras goýan şygyrlary tükenmez pähim-parasadyň, öwüt-nesihatyň çeşmesidigini, Akyldar şahyryň şygyrlary ynsan kalbyna adalatyň, gujur-gaýratyň, pähim-parasatyň duýgusyny oýarýandygyny, akyldar şahyryň döredijiligi bütin durky, kalbynyň joşguny, ähli pikirleri bilen ilkinji nobatda türkmen halky we onuň ykbaly bilen berk baglanyşyklydygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda mekdebiň okuwçylarynyň Akyldar şahyryň goşgulary esasynda taýýarlan çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar öz çykyşlarynda şahyryň watançylyk öwüt-nesihat, mertlik-namartlyk temasynda we başga-da durmuşy meselelere bagyşlanýan goşgularyny ýerine ýetirdiler. Çärede gurnalan göçme sergisi çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Sergide ýerleşdirilen kitaplaryň her biri bilen gyzyklandylar hem-de şol kitaplar esasynda sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt we tutuş adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.