“Sagdyn nesil” atly kitapçanyň tanyşdyryş söhbetdeşligi
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna
ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 134-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi tarapyndan çagalara sagdyn durmuş ýörelgelerini dogry we dürs öwretmek maksady bilen kitaphanamyza sowgat eden “Sagdyn nesil” atly kitapçasynyň tanyşdyryş söhbetdeşligini geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitapçada suratlaryň hem-de gysgaça ýazgylaryň üsti bilen görkezilýän dogry iýmitlenmek, iýmitlerde bar bolan witaminler, suwy tygşytly peýdalanmak, şahsy tämizligiň düzgünlerini berjaý etmek, oýunjaklary arassa saklamak we beýleki sagdyn durmuş ýörelgeleri barada hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza gyzykly gürrüňler berdiler.
Kitapçada arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmek bilen baglanyşykly berlen birnäçe soraglara çagalar uly gyzyklanma bilen jogap berdiler.
Şeýle-de arassaçylyk düzgünleri esasynda kitapçanyň gahrymanlary Mergen we Merjeniň gatnaşmagynda taýýarlanan şekilli görnüşler hem çagalaryň ünsüni özüne çekdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda nesil saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.