Magtymguly Pyragy–ýürekleriň çyragy


Magtymguly Pyragy–ýürekleriň çyragy

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Magtymguly Pyragy–ýürekleriň çyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýanlygyny, akyldar şahyrymyzyň Magtymguly Pyragynyň eserleriniň üsti bilen sahawatlylyk, halallylyk, päklik, il-güne wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleriň öňe sürülýändigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Magtymguly» atly ajaýyp kitap hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.