Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!


Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!

Mary welaýat çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz ýaşajyk okyjylary bilen «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlik hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde dünýäniň ähli künjeginde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň giňden öwrenilýändigi, şahyryň döredijiligine goýulýan uly sarpa barada aýdylyp geçildi. Şeýle hem, Magtymguly atamyzyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşligiň dowamynda okyjylar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan aýdyp berdiler.

Şahyryň döredijiligini giňden öwrenmäge, ony ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.