Gözel Paýtagt – Aşgabat


Gözel Paýtagt – Aşgabat

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda kitaphanamyzda «Gözel Paýtagt – Aşgabat» ady bilen Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli edebi sazly ertirlik geçirildi.

Bu çärämize Aşgabat şäheriniň mekdeplerinden okuwçylar, ýagny kitaphanamyzyň ýaşajyk okyjylary gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleriniň rahat dynç almagy, okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda näçe diýseň mümkinçilikler döredilen. Çagalar özleri üçin döredilen ähli mümkinçilikler üçin diýseň hoşallyklaryny öz aýdyp beren goşgy setirleri bilen beýan etdiler.

Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.