Aşgabat gözelligiň şäheri


Aşgabat gözelligiň şäheri

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri okyjylarymyzyň gatnaşmaklarynda ýaňy-ýakynda «Aşgabat gözelligiň şäheri» atly Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap «Arkaç» söwda dynç alyş merkezinde «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde edebi-sazly agşam geçirdi.

Dabaranyň dowamynda paýtagtymyzyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alanlygy şeýle-de «Dizaýn» ugry boýunça Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik toruna girizilendigi hakynda, şäherimizdäki desgalaryň milliligi barada täsirli söhbetler edildi. Ýaşajyk okyjylarymyzyň gözel paýtagtymyzy wasp edýän goşgularyna hem orun berildi.

Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar Aşgabadyň ýaşaýyşy üçin iň gözel we arassa, amatly şäher hökmündäki at-abraýyny mundan beýläk-de belende göterip, paýtagtymyzy has-da gözelleşdirip beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.