Şygyr äleminiň göwher täji


Şygyr äleminiň göwher täji

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Şygyr äleminiň göwher täji» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi - türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur many we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesidir. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda mertlik, watançylyk, kalby päklik, tebigata söýgi, rehimdarlyk, ula-kiçä hormat goýmak, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly pikirler öňe sürülýär. Onuň adamzat kalbynda söýgi, mähir, ýaşaýşa bolan ynam döredip bilýän ajaýyp eserleri düýnki, şu günki we geljekki nesiller üçin uly terbiýeçilik mekdebidir. Türkmeniň kalbynyň owazyny ene dilinde ýugrup, öz halkyna beren, türkmeni bir döwletlilige ilkinji bolup çagyran beýik Pyragydyr.

Çäräniň ahyrynda nusgawy şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.