Synla şahyr arzuw eden döwrüňi!
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda «Synla şahyr arzuw eden döwrüňi!» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde gojaman Köpetdagyň gujagynda Magtymguly Pyragynyň belentden bakyp duran heýkeliniň her bir adamda buýsanç duýgusyny döredýänligi, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüljekdigi, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dabaralandyrýan günlerinde «Magtymguly» atly kitabyň okyjylarymyzyň eline gowuşmagy we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda söz ussady Magtymguly Pyragynyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende göterýän, söze hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, ummadamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler!