Çagalar-durmuşyň gülleri


Çagalar-durmuşyň gülleri

Mary welaýat çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz ýaşajyk okyjylary bilen «Çagalar-durmuşyň gülleri» ady bilen Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli kitaphanada baýramçylyk söhbetdeşligini geçirdiler.

Çärämiziň dowamynda kitaphanamyzda hereket edýän gurjak teatrynyň ertekiler esasynda sahnalaşdyrylan gurjak oýny görkezildi. Bu çärede çagalar öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirdiler. Çagalar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Has kiçi ýaşly we dürli ýaşdaky okyjylar üçin ýazylan, gyzykly, owadan suratly, ertekili, goşguly kitaplaryň sergisi gurnaldy we kitaphanamyza kitap okamaklyga çagyryldy.

Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!