Türkmen halysy – milliligiň gözbaşy


Türkmen halysy – milliligiň gözbaşy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmen halysy-milliligiň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler halkymyzyň sungat derejesine ýetiren ajaýyp sungat eserleriniň biri bolan türkmen halysy gelin-gyzlaryň uz barmaklarynyň hünäriniň çeperligi bolup, ol halkymyzyň hala çitýän gölleriniň inçeden, örän gadymy kökleri barada, ene-mamalarymyzyň «Bir okana bar, bir-dokana» diýip belleýşi ýaly, halynyň beýik sungatdygy, halyny dokan bilen okan adam deň derejede görlüp, hormat goýulýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen zenanlary dokan nepis halylaryna salynýan nagyşlarynyň üsti bilen halkymyzyň geçmişini, geljegini, tebigatyny ussatlyk bilen çeper beýan edýändikleri hakynda beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.