«Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrlyş dabarasy


«Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrlyş dabarasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramagynda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp täze çapdan çykan «Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrlyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirildi.

Çärede çykyş edenler ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň hem-de birnäçe daşary ýurt myhmanlaryň gatnaşmagynda paýtagtymyzda gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilen beýik şahyrymyzyň ajaýyp ýadygärliginiň hem-de onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylan günlerinde, bu ajaýyp kitabyň okyjylarymyza gowuşmagy biz kitaphana hünärmenlerini diýseň begendirendigi barada buýsanç bilen çykyş etdiler. Şeýle-de täze çap edilen «Magtymguly» atly kitapda akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, Watançylyk, milli döwletlilik barada filosofik garaýyşlaryny beýan edýän, türkmen tebigatynyň waspyny belentden ýetirýän şygyrlaryny öz içine alýandygyny belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.