El hünäri – il gezer


El hünäri – il gezer

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji günlerinde «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda eneden gyza miras galýan el işlerimiz barada eli hünärli gyzjagazlar bilen «El hünäri – il gezer» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri nepis, ajaýyp el işlerimiz, olaryň aýratynlyklary, ulanylýan iňňe, ýüwse, gaýçy ýaly gurallar, ýüpek sapaklary işmegiň usullary, nagyşlaryň aňladýan manylary barada gyzykly gürrüňdeşlik boldy. Gyzjagazlar hem öz el hünärleri esasynda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. El işleri esasynda gurnalan sergi gyzjagazlarda aýratyn täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplary şeýle-de el işleri baradaky dürli neşirler ýerleşdirildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi ýaşlara has giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.