«Magtymguly» atly ajaýyp kitaba syn


«Magtymguly» atly ajaýyp kitaba syn

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň «Neşirleri toplaýyş» bölümi türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp täze çapdan çykyp halkymyza gowuşan «Magtymguly» atly ajaýyp kitaby boýunça kitaphana synyny geçirdi.

Bu kitaphana synyna gatnaşan kitaphana işgärleri, okyjylar we talyplar türkmeniň akyldar şahyry Magtymgulynyň döredijiligi öz döwrüniň türkmen durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýan sowgatlyk ýygyndysy bilen giňişleýin tanyş boldular.

Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurduň, halkyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän, il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.