«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelenç
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde ýakynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda öz okyjylarynyň gatnaşmagynda gezelenç gurady we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylan «Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň many-mazmun baýlygy hakynda söhbet etdiler. Ýaşajyk okyjylarymyzyň ajaýyp döwrümiziň waspyny ýetirýän we dana şahyrymyzyň döredijiligine degişli goşgulary ýatdan, labyzly aýdyp bermekleri söhbetdeşligimiziň has-da gyzykly geçmegine ýardam etdi.
Gezelenjiň dowamynda ýaşajyk okyjylarymyza täze medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi hem-de onda dünýäniň şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň beýik şahsyýetleriniň ýerleşdirilmegi eziz Watanymyzda dost-doganlyga uly üns berilýändiginiň, söz sungatyna sarpa goýulýandygynyň aýdyň beýanydygy hakynda täsirli gürrüňler berildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan dana şahyrymyzyň döredijiligine degişli eserlerden gurnalan göçme kitap sergimiz has-da täsirli boldy.
Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ruhy galkynyşyň sakasynda duran, ýurduň, halkyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän, ýaş nesillere eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.