Türkmen halysy


Türkmen halysy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmen halysy - türkmeniň kalby» ady bilen haly baýramçylygy mynasybetli edebi duşuşyk agşamy geçirildi.

Dabara gatnaşan myhmanlar halkymyzyň asyrlar aşyp gelen gadymy gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, milli medeni mirasyny öwrenmeklige, olary dünýä ýaýmaklyga uly üns berilýändigi, il-günüň kalbyna deňelýän, nepis we owadan halylarymyz medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşýändigini belläp geçdiler. Haly türkmen medeniýetiniň iň gymmatly hem kämil mirasydyr. Halylar ussat gelin-gyzlarymyzyň köp asyrlyk döredijilikli zähmetiniň miwesidir. Halkymyzyň näçe wagt geçse-de synmadyk beýik sungatynyň, ýagny türkmeniň deňsiz taýsyz gözel halysy barada söhbet etmek üçin gelen myhmanlaryň beren gyzykly gürrüňleri, haly önümlerinden guralan sergiler okyjylarda we dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda myhmanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.