Söz ussady Magtymguly Pyragy


Söz ussady Magtymguly Pyragy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Türkmenýertaslama» Döwlet taslama institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, «Söz ussady Magtymguly Pyragy» atly göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleri ýerleşdirilip, bu institutyň alymdyr-professorlarynda, ylmy işgärlerinde bu kitaplara bolan uly gyzyklanma döredi. Göçme sergä gatnaşyjylara bu sergidäki kitaplardan özlerine gerekli bolan maglumatlary almaga giňişleýin mümkinçilikler döredildi.

Göçme kitap sergisine gatnaşyjylar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.