Pähim-paýhas ummany


Pähim-paýhas ummany

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň we «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda «Pähim-paýhas ummany» atly sanly ulgam arkaly wideo şekilli söhbetdeşlik geçirildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen wideo şekilli söhbetdeşlikde «Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty we şamçyragydyr» diýip buýsançly nygtaldy. Çünki, ol her bir ynsanyň kalbynda adamkärçiligiň belent nusgasyny dörediji hökmünde müdimi ýaşaýar. Dana şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda orun aldy. Şonuň üçin hem, akyldar şahyryň döredijiligini edebiýatçylar, dilçi alymlar ylmy esasda öwrenýärler. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi. Bu ylmy garaýyşlarda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn bellenilýär.

Magtymguly Pyragy ýiti zehini, akyl-paýhasy bilen dünýä tanalan, özüniň şygyrlary bilen adyny ýüreklere nagyşlan umumadamzat şahyrydyr.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.