Bagtyýar çagalar-geljegiň nury


Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda hemaýata mätäç çagalaryň gatnaşmagy mynasybetli «Bagtyýar çagalar-geljegiň nury» ady bilen gezelençli söhbetdeşlik geçirildi.

Halkymyz ynsanperwerlik taglymatyny asyrlaryň dowamynda özlerine ýol-ýörelge we nusgalyk mekdep edinip ýaşapdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan amala aşyrylýan birnäçe ynsanperwer ýardamlar, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça uly göwrümli işler yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda çagalaryň her biri alada bilen gurşalandyr.

Çäräniň ahyrynda howandarlyga mätäç çagalara hemaýat berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.