Şadyýan tomus


Şadyýan tomus

Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Şadyýan tomus» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda çagalar öz halaýan goşgudyr-aýdymlaryny aýdyp berdiler we çagalar öz aralarynda zehin bäsleşigini geçirdiler. Şeýle hem, bu ýerde gurnalan kitap sergisi çagalarda uly tasir galdyrdy.

Çagalar özleri üçin döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.