«Magtymguly» atly ajaýyp kitap hakynda söhbetdeşlik


«Magtymguly» atly ajaýyp kitap hakynda söhbetdeşlik

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, «Altyn asyr:Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp täze çapdan çykyp halkymyza gowuşan «Magtymguly» atly ajaýyp kitap hakynda söhbetdeşlik geçirildi.

Öz bilşimiz ýaly, häzirki ajaýyp döwrümizde beýik şahyryň täze kitaby hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyza gowuşdy. Kitabyň ilkinji sanynyň Gahryman Arkadagymyza iberilmegi hem örän buýsandyryjydyr. Gojaman Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylýan günlerinde bu gymmatly kitabyň okyjylarymyza gowuşmagy biz kitaphana işgärlerini hem diýseň begendirdi, buýsandyrdy.

Goý, agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik tutumly işleri rowaç bolsun!