Bagtyýar nesiller - geljege şugla
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Bagtyýar nesiller - geljege şugla» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda bedew bady bilen barha öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary üçin ähli şertleri döredip berýär. Sebäbi şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň ylym-bilimli, kitaby söýýän ýaş nesiller bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri buýsanç bolup ýaňlandy.