Nesiller bagtyýar Watan saýaňda
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Arkaç» dynç alyş söwda merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Nesiller bagtyýar Watan saýaňda» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň toý-baýramlara beslenýändigi, ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdymyzda ýaş nesiller babatynda ägirt uly aladalaryň edilýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň, körpe nesillerimiziň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri körpeje nesillerimize türkmen halk ertekilerinden birnäçesini labyzly okap berdiler we sorag-jogap alyşdylar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.