Türkmeniň guwanjy, buýsanjy haly
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmeniň guwanjy, buýsanjy haly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde halkymyzyň ruhy hem-de maddy baýlygy, toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan türkmen halysy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsanjyna öwrülendigi, türkmen halysy milletimiziň ajaýyp arzuwlarynyň, ata-babalarymyzyň geçen durmuş ýolunyň çitimleriniň üsti bilen ýazylan taryhydygyny nygtap geçdiler. Şeýle-de ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi, dünýä ýaýylan şöhrat-şany, mukaddeslik aýdymy bolup, bu gün bagtyýar günlerimizden röwşenlenen nepis öwüşgünli halylarymyz erkin hem eşretli durmuşymyzyň göllerdäki waspy bolup durýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ajaýyp türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.