Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi


Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda «Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.

Çärede çykyş edenler 2024-nji ýylyň adyndan belli bolşy ýaly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, Ak şäherimiz Aşgabadyň eteginde köpetdagy etekläp oturan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň dikeldilmegi, ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda hem Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy beýik söz ussadyna goýulýan uly hormatyň nyşany bolup durýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Söz ussadynyň bir supranyň daşyna jem bolup, bir döwlete gulluk etmäge çagyran dana pikirleri, öwüt-nesihatlary halkymyzyň we döwletimiziň ýörelgesine öwrülendigini belläp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň pähim-parasatly, öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlaryndan çeper okaldy. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleri ýerleşdirildi we syn berildi.

Çäräniň ahyrynda beýik şahsyýetlerimize belent sarpa goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.