Akyl-paýhas ummany


Akyl-paýhas ummany

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda «Akyl-paýhas ummany» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmeniň beýik akyldary, şygyr sungatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy umumadamzat şahyrydyr. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda mertlik, watançylyk, kalby päklik, tebigata söýgi, rehimdarlyk, ula-kiçä hormat goýmak, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly pikirler öňe sürülýär. Onuň adamzat kalbynda söýgi, mähir, ýaşaýşa bolan ynam döredip bilýän ajaýyp eserleri düýnki, şu günki we geljekki nesiller üçin uly terbiýeçilik mekdebidir. Türkmeniň kalbynyň owazyny ene dilinde ýugrup, öz halkyna beren, türkmeni bir döwletlilige ilkinji bolup çagyran beýik Pyragydyr.

Çäräniň ahyrynda nusgawy şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.