Ajap eýýamyňda toýdur, Pyragy!
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda, Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda «Ajap eýýamyňda toýdur, Pyragy!» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, nusgawy edebiýatyny ylmy esasynda öwrenmek, geljek nesillere miras goýmak asylly ýörelgä öwrülendigi we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle gymmatlyklaryň biri bolan türkmen nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa ornaşdyrylýandygy dogrusynda belläp geçdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşan şahyrlar Magtymguly Pyraga bagyşlap öz düzen goşgularyny uly buýsanç bilen okap berdiler we täze açylyp ulanmaga berlen bu medeni-seýilgäh toplumynyň gözellikleri dogrusynda hem-de şol ýerde ýerleşdirilen dünýä edebiýatynyň ýazyjy-şahyrlary we olaryň ömür döredijiligi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge, ýaş nesillerimize ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdiler.