Şan – şöhraty dünýä dolan Pyragy


Şan – şöhraty dünýä dolan Pyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat şäherindäki Mehaniki tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Şan – şöhraty dünýä dolan Pyragy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly täze kitabyň – şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň üç dilde ýagny türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilip türkmen halkyna sowgat edilendigi, munuň özi beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary özüniň köptaraplylygy, many-mazmunyna baýlygy, ýokary çeperçiligi bilen ynsanyň kalbynda baky orun alýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.