Sport–sagdyn ýaşaýşa gönezlik


Sport–sagdyn ýaşaýşa gönezlik

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly okyjylaryň arasynda «Sport–sagdyn ýaşaýşa gönezlik» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi.

Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini rahat dynç alyp, wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dünýä ülüňlerine laýyk gelýän Gökderedäki sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Bu ýerde bagtdan paýly çagalar ýaş aýratynlygyna görä birnäçe toparlara bölünip, toparlaryň arasynda özara bäsleşikleriň, çäreleriň yzygiderli guralmagy çagalaryň dynç alşynyň her bir pursadynyň manyly geçmegine şert döredýär. Gyzykly döredijilik agşamlary we bäsleşikler, sport ýaryşlary, aýdym-sazly medeni çäreler hem-de beýleki şüweleňler çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Şeýle ýatdan çykmajak şüweleňlere ýaş nesliň gyzyklanmasy diýseň ýokarydyr. Biziň bu günki geçiren sport bäsleşigimiz hem zehinli, gujurly çagalary ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bäsleşikde tapawutlanan çagalara kitaphanamyz tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň soňunda şeýle ajaýyp amatlyklary bolan dynç alyş merkezleriniň döredilmegi, çagalaryň birek-birek bilen dostlaşyp, olaryň gözýetiminiň giňelmegi, täze okuw ýylyna täze güýç bilen barmaga itergi berýän hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalaryna bagtyýar nesliň çaga ýüreginden çykýan alkyşlary bimöçberdir. Pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.