XX asyryň neşirleri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan «XX asyryň neşirleri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada» ady bilen «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy asyrlaryň dowamynda dünýä halklarynyň söýgüsini gazanyp gelýär. Bu barada XX asyryň neşirlerinde türkmen we dünýä halklarynyň alymlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, terjimeçileriniň Magtymguly şahyr barada ýazan makalalaryny, goşgularyny, terjime edilen eserlerini okanyňda hem aýdyň bolýandygyny söhbetdeşlikde nygtap geçdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda çap bolan birnäçe maglumatlardan mysallar getirildi, şol maglumatlar esasynda ýazylýan bibliografiýa görkezijiler barada söhbet edildi. Şahyryň öz ýazan goşgusyndan okaldy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyraga uly orun berilendigini aýdyp, ol kitaplardan hem paýhasly jümleler beýan edilendigi hakynda söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.