«Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy


«Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp täze çapdan çykan «Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň halypa işgärleri hem gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Magtymguly» atly ajaýyp kitap hakynda täsirli çykyşlary etdiler. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde «Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary yzygiderli geçirilýär.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen topragynda ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk dabaralary watandaşlarymyzyň her birini buýsandyrdy, döredijilik zähmete hyjuwlandyrdy.

Goý, agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik tutumly işleri rowaç bolsun!