Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda merkezi we kitaphana şahamçalarynyň arasynda Bagtyýarlyk Medeniýet köşgünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen bäsleşik geçirildi.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyryň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly milli ýol-ýörelgelere söýgi döretmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen kitaphana hünärmenleriniň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik 3 şertden ybarat bolup her şert boýunça çekeleşikli bäsleşdiler, şeýle-de eminleriň gelen netijeleri boýunça Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň II derejeli kitaphanaçysy Ýegenmyradowa Merjen 1-nji orna mynasyp boldy. 2-nji orna Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň I derejeli kitaphanaçysy Saparowa Gunça mynasyp boldy. Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň I derejeli kitaphanaçysy Işankulyýewa Ogulsapar 3-nji orna mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşanlara emin agzalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda ata Watanymyzda ýaşlarymyz üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.