Milli Medeniýetiň ösen zamany, arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy


Milli Medeniýetiň ösen zamany, arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Köpetdag etrap häkimliginiň binasynda «Milli Medeniýetiň ösen zamany, arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler gözel Diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly şatlyk-şowhuna beslenip bellenilip geçilýändigini we Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Medeniýet we sungat ulgamy ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Türkmen halkynyň dünýä ýaň salýan baý medeni mirasyny, şöhratly taryhyny, nusgawy edebiýatyny ylmy esasynda öwrenmekde, ýaş nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýandygyny we ajaýyp goşgylary bilen halkyň hakydasynda baky orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bu günki günde sarpasynyň arşa göterilýändigini beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda Medeniýetiň we sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.