Baky gymmatlyklaryň hazynasy


Baky gymmatlyklaryň hazynasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölümi tarapyndan «Baky gymmatlyklaryň hazynasy» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý şahyrana döredijilik mekdebi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler milli medeniýetimiziň pajarlap ösmegi üçin ýadawsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleriniň uzak, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.