Änew – gadymyýetiň şaýady
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan ruhlanyp, şeýle-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – gadymyýetiň şaýady» atly usuly-bibliografiýa gollanmasy taýýarlanyldy. Döwlet kitaphanasynyň sungat bölümi gollanma boýunça kitaphana synyny geçirdi.
Syna gatnaşanlar milli mirasymyza goýýan belent sarpasy, taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge döreden mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.