Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar


Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni seýilgähinde «Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, şöhratly taryhyny, nusgawy edebiýatyny ylmy esasynda öwrenmekde, dünýä ýaýmakda, ýaş nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýandygyny we gündogar edebiýatynyň synmajak sütüni hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bu günki günde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sarpasynyň arşa göterilýändigini uly buýsanç bilen bellediler.

Söhbetdeşlikde täze açylyp ulanmaga berlen bu medeni seýilgähiň gözellikleri dogrusynda we şol ýerde ýerleşdirilen dünýä edebiýatynyň ýazyjy-şahyralary we olaryň ömür döredijiligi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge, ýaş nesillerimize ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdiler.