KITAP SYNY


KITAP SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda kitaphanaçylar «Magtymguly, sözle bu şirin dilde» (Ylmy makalalar ýygyndysy) we «Bütindünýä ylmynyň ösüşinde Abu Reýhan Birunynyň ylmy mirasynyň orny» (Ylmy makalalar ýygyndysy) we «Magtymguly Pyragy–türkmen halkynyň paýhasly dünýäsi» (Ylmy makalalar ýygyndysy) atly kitaplar bilen tanyş boldular. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, bu kitaplar beýik danalaryň edebi mirasyna içgin aralaşmakda, çuňňur öwrenmekde taýsyz gollanma bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys. Bu gün–toýlary toýa ulaşýan Watanymyzda Abu Reýhan Biruny, Magtymguly Pyragy ýaly sarpalary belent tutulýan beýik danalara goýulýan hormat-sylag bütindünýä derejesinde arşa galdy.

Halkymyzyň beýik danalarynyň mirasyna bagyşlanan çykyşlary guramakda, olar hakynda ylmy makalalary ýazmakda we ony halka ýetirmekde, şeýle-de ýaş nesle döwrebap ylym-bilim bermekde, hünär öwretmekde uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!