Gölleriňe älem haýran


Gölleriňe älem haýran

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 85-nji orta mekdebinde «Gölleriňe älem haýran» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Geçirilen gürrüňdeşlikde Türkmen halysy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň, ajaýyp sungatynyň aýrylmaz bölegi bolup, Türkmen milli halyçylyk sungatynyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigini, halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda timarlanyp, nepislenip, kämilleşip Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gelip ýetendigi barada uly buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ajaýyp halylarymyzyň asylky şöhratyny dünýä dolduran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.