Soragy bizden, jogaby sizden!


Soragy bizden, jogaby sizden!

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Arkadag» teleýaýlymynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygy bilen bilelikde guramaklarynda «Soragy bizden, jogaby sizden!» atly bäsleşik geçirildi.Bäsleşik çekeleşikli we gyzykly pursatlara beslenip geçdi. Bäsleşikde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary we Arkadag şäheriniň 3-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymlary özara bäsleşdiler.

Biziň ýaşlarymyzyň sözüň doly manysynda sowatly we ýokary terbiýeli bolup ýetişmegini, dünýä ylmynyň, tehnikasynyň we medeniýetiniň gazananlarynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşmaklaryny gazanmak maksady bilen, ähli şertler üstünlikli durmuşa geçirilýär.Ylyma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň we umumy ynsanyýet gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirilýär.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşanlar, halal zähmet çekmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.