Bagtyýar uçurymlar


Bagtyýar uçurymlar

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Bagtyýar uçurymlar» atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi. Ylym-bilimiň kämil ýolundaky ilkinji basgançaklaryny tamamlaýan uçurymlar ýürekleri buýsançdan kalplary joşgundan doly.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar ýaşlar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary basgançaklara götermegi öz öňlerinde borç hasaplaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmagy başarýan ýaşlar diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda okuw dersleri boýunça geçirilýän halkara intelektual ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş medallaryny ýylsaýyn artdyrýarlar.

Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.