Millilik – zenan gözelliginiň bezegi


Millilik – zenan gözelliginiň bezegi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Millilik–zenan gözelliginiň bezegi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň şeýle ajaýyp däp-dessurlary milli gymmatlyklaryndan döräp, kämilleşip, sungat derejesine ýetirilendigini, türkmen gözelliginiň, ruhubelentliginiň, şahandazlygynyň, milliliginiň iň owadan taraplaryny däp-dessurlarymyzda, edim-gylymlarymyzda, millilige ýugrulan ýörelgelerimizde jemlenendigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de türkmeniň çeper elli gelin-gyzlarynyň döredýän biri-birinden ajaýyp hem nepis el işleri bilen döwrümiziň gözelligine gözellik goşýandygy barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.