Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligi


Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligi

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda «Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligi» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan beýik akyldar, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkyň ruhunyň kuwwatly sütünidir. Akyldar şahyryň döredijiligi öz döwrüniň durmuşunyň ähli meselelerini öz içine alypdyr. Umuman aýdanyňda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde döwletlilik ýörelgeleri, halkymyzyň agzybirlik, myhmansöýerlik baradaky öwüt-ündewleri bilen utgaşyp, häzirki wagtda çuň mana eýe goşgulary ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.