Magtymguly sözüň bilene sözdür


Magtymguly sözüň bilene sözdür

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi «Magtymguly sözüň bilene sözdür» atly kitaphana synyny geçirdi.

Kitaphana synynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň Türkmen döwlet neşirýat gullygy tarapyndan çap edilen «Belent boýly ussadym» atly kitabyna syn geçirildi. Syna gatnaşan okyjylara we kitaphanaçylara bu kitap barada giňişleýin maglumat berildi, şeýle-hem Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ajaýyp goşgular okaldy.

Geçirilen kitaphana synyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.