Bagtyýar çagalar - geljegiň nury


Bagtyýar çagalar - geljegiň nury

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk etrap Medeniýet köşgi, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Bagtyýar çagalar - geljegiň nury» ady bilen Bagtyýarlyk etrap Medeniýet köşgünde aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

Çärede çykyş edenler, çagalar – umumadamzat ýaşaýşynyň dowamy, şu günüň bagtyýar nesilleri, geljegiň eýeleri, şonuň üçin-de, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşa geçirilýän bimöçber işler, ilkinji nobatda, çagalaryň bagtyýar durmuşyna, beden we ruhy taýdan sagdyn, döwrebap ösmegine, olaryň her biriniň ylymly-bilimli bolup kemala gelmegi üçin uly tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.