Magtymguly – ynsanperwerligiň beýik waspçysy


Magtymguly – ynsanperwerligiň beýik waspçysy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Magtymguly–ynsanperwerligiň beýik waspçysy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, milli buýsanjydygy, şahyryň edebi mirasy türkmeniň ykbalyna uly täsir eden şahsyýet hökminde dünýä ýüzünde halkymyzyň abraýyny has-da arşa göterýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary bilen birlikde, kämil garaýyşlary özünde jemleýän çuň manyly şygyrlary, ynsan kalbynda öçmejek yz galdyrýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.