Ylym-gymmatly baýlyk
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym-gymmatly baýlyk» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi, ylym kämilligiň binýady bolup, ýurdumyzda ylymly ýaşlary kemala getirmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýandygy, bu bolsa ylym ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ylmy-bilimi ösdürmäge aýratyn üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.