Ylym zeminiň zynaty


Ylym zeminiň zynaty

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Maliýe ykdysadyýet orta okuw hünär mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym zeminiň zynaty» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ylym bagta sary barýan ýollaryň çelgisidigini, röwşen şuglasydygy hakynda aýdyp, Döwlet Baştutanymyzyň: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip belleýşi ýaly ýurdumyzda ylmy gözlegleriň binýadyny berkitmegiň hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurlygy, bu babatda ýaşlara uly ynam bildirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen ýaşlaryna ylym bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.