Türkmen ruhunyň almaz täji


Türkmen ruhunyň almaz täji

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen ruhunyň almaz täji» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýanlygyny, akyldar şahyrymyzyň Magtymguly Pyragynyň eserleriniň üsti bilen sahawatlylyk, halallyk, päklik, il-güne wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleriň öňe sürülýändigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Baýramçylyk dabaranyň çäginde «Berkarardyr bu gün ýurduň Pyragy» ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy.

Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.