Hormatly Prezidentimiziň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabyna syn
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» we kitaphanamyza täze gelen edebiýatlara syn geçirildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynyň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlardan, ony düýpli öwrenmekde alnyp barlan arheologik barlaglar baradaky gyzykly gürrüňlerden söhbet açýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň «Belent boýly ussadym» atly kitabynda Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi ussatlyk bilen beýan edilýär. Mundan başgada, çykyş edenler ahlak we edep kadalaryny özünde jemleýän «Ajaýyplyklaryň düri» atly kitabyň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.