Çagalar biziň ýagty geljegimizdir


Çagalar biziň ýagty geljegimizdir

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Çagalar biziň ýagty geljegimizdir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz diýarymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň saglygy we goraglylygy, ugrunda alnyp barylýan beýik işler şeýle-de tomusky dynç alyş günlerinde Gökdere jülgesinde rahat, asuda dynç alyp wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirýän, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy hem-de döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekilerinde çagalar üçin birnäçe terbiýeçilik ähmiýetli ertekileriň okap berilmegi çagalarda has-da uly täsir galdyrdy. Şeýle-de bu ertekileriň halallyk, päklik, dogruçyllyk, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat ahlagynyň gözelligi ýaşlara ruhy terbiýe bermekde uly mekdep bolup hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.