Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň


Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan «Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Döwlet kitaphanasynyň işgärleri gatnaşyp, olar öz çykyşlarynda türkmen şygryýetiniň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk, bu ugurda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ojaklarynda geçirilýän dabaralar, guralýan sergiler, ýazyjy-şahyrlaryň, edebiýatçy alymlaryň bu ugurda ýazan eserleri, ylmy işleri şeýle hem nusgawy şahyrymyzyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp täze çap edilen kitaplar hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Olar çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.